SPORT

Boks boýunça dünýä rekordy

Meksikada Ginnesiň rekordy goýuldy. Ýurduň paýtagtynyň merkezinde boks sporty boýunça okuw tälim sapagy üçin 14299 adam ýygnandy. Bu köpçülikleýin okuw sapagy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bir sagadyň dowamynda Meksikanyň sportuň boks görnüşi boýunça ýerli ýyldyz türgenleriň ýolbaşçylygynda dürli boks tilsimlerini ýerine ýetirdiler.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu çäräni gurnamak bilen boksuň Meksikanyň medeniýetiniň bir bölegi bolup durýandygyny görkezmek maksat edinildi.

Mundan ozalky rekord 2017-nji ýylda goýuldy. Şonda Russiýa Federasiýasynda 3 müňden gowrak adam gatnaşyp, boks tälim sapagy boýunça rekord goýupdy.

 

Eýranyň Prezidenti Hazar sammitine çagyryldy

Related posts

Mats Hummels “Roma” toparyna goşuldy

Çempionat 21-nji iýunda başlanar

Ata Watan Eserleri

11 ýyldan soňra “Barselonadan” gidýär