Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi bagtyýar öý eýeleri üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi. Dabara Arkadag şäheriniň we onuň edaralarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary, myhmanlary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk lybasynda bezelen ýaşaýyş jaýynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan dabara ýurdumyzda baýramçylyk çäreleriniň medeni maksatnamasynyň köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrdy. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň birleşen tans toparlarynyň, şeýle hem medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary täze jaýlara göçüp gelýän maşgalalaryň şatlyk-şowhunyny belende göterdi. Uly ruhubelentlikde ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, tanslardyr döredijilik çykyşlarynda eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy belentden wasp edildi.
Dabaranyň esasy pursady gelip ýetende, öý eýelerine täze jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Öýlerde döredilen şertler bilen tanşan dabara gatnaşyjylar häzirki zaman jaýlarynyň otaglarynyň ýerleşdirilişine we enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler. Täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar maşgalalar aýdylýan hoşniýetli arzuwlar üçin öz hoşallyklaryny bildirdiler. Myhmanlar öý eýelerini gutlap, olara täze jaýlarda uzak ýyllaryň dowamynda bagtly durmuşda ýaşamaklaryny arzuw etdiler.
