JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Köpetdagyň ajaýyp künjeginiň gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýan Konstitusiýa binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň, demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýdular.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar.

Hormatly Prezidentimiz Baş baýdaga ajaýyp gül çemenini goýdy. Soňra dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, gül desselerini goýdular.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar