SPORT

Robert Lewandowskiniň «Kamp Nou» stadionynda «Barselona» bilen hoşlaşygy

«Barselonanyň» oýunçylary mundan öň topardan gitjekdigini yglan eden hüjümçi Robert Lewandowski üçin hoşlaşyk dabrasyny guraldylar. Bu waka Ispaniýanyň La Liganyň 37-nji tapgyrynda «Betis» topary bilen geçirilen duşuşykda boldy. Oýun «Kamp Nou» stadionynda geçirilip, 3:1 hasabynda tamamlandy.

Duşuşykdan soň «Barselona» toparyň futbolçylary polşaly hüjümçini ellerinde göterdiler.

Polýak futbolçy oýna ilkinji düzümde başlady we 85-nji minutda çalşyryldy. Lewandowski meýdançany janköýerleriň we bäsdeş toparyň oýunçylarynyň şowhunly el çarpyşmalary astynda terk etdi. Polşaly oýunçy topar ýoldaşlary we tälimçiler düzüminiň ähli agzalary bilen hoşlaşdy, janköýerler bolsa münberlerden oňa öz hormatyny görkezdiler.

Lewandowski 2022-nji ýylyň tomusynda «Barselona» geçipdi. Şol döwrüň dowamynda 37 ýaşly hüjümçi ähli ýaryşlarda 191 duşuşyga gatnaşyp, olarda 119 gol geçirdi we 24 gol pasyny berdi. Katalon klubynda polşaly futbolçy 3 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, 3 gezek ýurduň Superkubogyny we 1 gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy