SPORT

Nawas Ronaldo bilen topardaş bolup biler

Kristiano Ronaldo bilen Keýlor Nawas täzeden topardaş bolup biler. Ronaldonyň täze topary Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary Kosta-Rikanyň derwezeçisi Keýlor Nawas bilen gyzyklanýar.

Nawas mundna soňra futbol ýoluny Saud Arabystanyda dowam etdirip biler. Ronaldodan soňra başga köp sanly meşhur futbolçylar bilen gyzyklanýan Saud Arabystanynyň topary Fransiýanyň “PSŽ” toparyndaky derwezeçi Nawasa gyzyklanma bildirdi.

“Al-Nasr” toparynyň esasy derwezeçisi Dawid Ospninna çynlakaý şikes aldy we topar onuň ornuna täze derwezeçi gözleýär. Bu hem Keýlor Nawas bolup biler. Nawas hem Fransiýanyň “PSŽ” toparynda esasy derwezeçi ornuny ýitirdi. 36 ýaşyndaky derwezeçi bilen gepleşikler başlandy.

Keýlor Nawas bilen Kristiano Ronaldo ozal hem bir toparda bile oýnapdy. Bu iki futbolçy “Real Madrid” toparynda bilelikde çykyş edipdi. Nawas 2014-2019-njy ýyllar aralygynda madridlileriň derwezesini gorapdy.

Ýene-de okaň

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri