BILIM

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

2026-nji ýylyň maý aýynyň 30-31-i aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamaklarynda geçirilen “Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy” boýunça bäsleşik geçirildi.

Dört ugur boýunça iki günüň dowamynda geçirilen bäsleşigi örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi.Bäsleşigiň jemleýji dabarasynda her ugur boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Dabaranyň dowamyndaky çykyşlarda bellenilşi ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bilim özgertmeleri öz oňyn netjelerini berýär.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Soňra bolsa bu şanly waka mynasybetli institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi.

Related posts

«Açyk gapylar»: Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Dünýäde iň arzan benzinli ýurtlar

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri