JEMGYÝET

TÜRKSOÝ-dan türkmen halysyna ýörite diplom gowşuryldy

Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan türki dünýäde halyçylyk senediniň ösdürilmegine goşýan goşantlary üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşigine ýörite diplomyň we öňdebaryjy halyçylara Minnetdarlyk hatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew çykyş edip, şu gün Türkmenistanda diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň genji-hazynasy bolan Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilýändigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, haly diňe bir dokma önümi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türki halklaryň taryhy köklerini, çeper döredijiligini we ruhy baýlygyny özünde jemleýän maddy gymmatlykdyr. Dünýä medeniýetine goşulan ägirt uly goşant we gaýtalanmajak mirasdyr. Şunuň bilen baglylykda, Sultan Raýew bu gadymy senedi ösdürmekde, döwrebap görnüşde kämilleşdirmekde bitirýän hyzmatlary üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşigine hem-de öňdebaryjy halyçylara Türki medeniýetiň halkara guramasynyň adyndan hoşallyk bildirdi we guramanyň ýörite diplomyny hem-de Minnetdarlyk hatlaryny gowşurdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri