Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
Bu hatda şeýle diýilýär:
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmek, şeýle hem ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňize ýokary baha berýärin.
Ukrain-türkmen gatnaşyklarynyň bar bolan mümkinçilikleriniň hem-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanmanyň döwletlerimiziň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmek üçin giň gözýetimleri açýandygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
