BILIM

Robot tehnikasy: Mekdep okuwçylarymyz Koreýa Respublikasynda üstünlik gazandylar

Mekdep okuwçylarymyz Koreýa Respublikasynda geçirilen «FIRST Global Challenge 2026» robot tehnikasy boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen ýaşlary «Skills Challenge» ugry boýunça (ýekelikde) kümüş medala, «Winning Alliance» ugry boýunça (toparlaýyn esasda) bürünç medala mynasyp boldular.

7–10-njy oktýabr aralygynda Inçhon şäherinde geçirilen bu çempionatda dünýäniň 185 döwletinden gelen toparlar özara bäsleşdi. Ýurdumyzyň adyndan çykyş eden milli topara Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Dawut Gurbanow tälim beripdiler.

Milli toparyň düzüminde Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp okatmaga ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Suhan Nowbatow, Oraznyýaz Rejepow, Aznawur Çolukow, Daýhan Gurbanow we Arslan Babajyýew dagy ýokary taýýarlyk derejesini hem-de ussatlygyny görkezdiler.

“Okuwçylarymyz bäsleşige ýokary ruhubelentlik bilen başladylar. Ýarym finala bolsa, toparlaýyn esasda 295 bal bilen geçdiler. Netijede olaryň kümüş we bürünç medallara mynasyp bolmagy bizi buýsandyrýar. Şeýle abraýly ýaryşda gazanylan bu üstünlik ýaşlaryň täzeçil tehnologiýalary öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrar” – diýip, toparyň ýolbaşçysy Myrat Sähetgulyýew gürrüň berdi.

Her ýylda Olimpiýa oýunlary görnüşinde guralýan “FIRST Global Challenge” robot tehnologiýasy boýunça halkara bäsleşigi bu gezek tebigatda döreýän ýangynlara garşy göreşmekde innowasion çözgütleri tapmaga bagyşlandy.

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, ýaşlarynyň halkara ders bäsleşiklerinde ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Mekdep okuwçylarymyzyň robot tehnikasy boýunça şeýle abraýly halkara ýaryşda üstünlik gazanmaklary ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalaryň ýene bir ajaýyp miwesidir.

Related posts

“21-nji asyrda Ahi Evran: innowasiýa we önümçilik” atly taslama yüztutmalar başlady

Pakistan — Türkmenistan: bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda başlangyçlar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti: Talyp :2021

Ata Watan Eserleri