BILIM

“Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-11-ne Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek “Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

“Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy talyplaryň nazary we amaly bilimlerini berkitmek hem-de kämilleşdirmek, olarda iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak we daşary ýurt dillerine zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

  • Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar 2025-nji ýylyň mart aýynyň 31-ne çenli datmddi.edu.tm  resmi internet sahypasynda hasaba alynmaly;
  • Olimpiadany has guramaçylykly geçirmek maksady bilen 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 1-2-ne Olimpiadanyň saýlama tapgyry geçirilýär;
  • Olimpiadanyň açylyş dabarasy 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-una institutyň uly mejlisler zalynda geçiriler. Oňa türkmenistanly gatnaşyjylar gelip, daşary ýurtly gatnaşyjylar onlaýn görnüşde gatnaşarlar;
  • Aprel aýynyň 10-11-ne Olimpiada Düzgünnamada bellenen tertipde geçiriler.

Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy bilen sylaglanar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda II Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Türkmenistan bilen Özbegistan himiýa ylmy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

BMG-nyň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar Dialogynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

ÝUNFPA bilen ýaşlar syýasaty ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nippon hem-de JACAFA gaznasynyň arasynda Ähtnama gol çekdi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Dialogynyň täze mümkinçilikleri