MEDENIÝET

EZIZ WATANYM

Ýürek buýsanjy

 Her gün säher göwnüm galyp asmana,

Men seni küýsedim, eziz Watanym.

Güýjüm ýetmez seni bagra basmana,

Alyslarda galyp, hergiz Watanym.

***

Men sende ulaldym, duzuňy iýdim,

Göbek ganym daman topragňa uýdum,

Her daban ýeriňi ýürekden söýdüm,

Mukaddes topragym, eziz Watanym.

***

Dogýan Günüň çogy melhem kalbyma,

Türkmen bolup syldym ony alnyma,

Tamdyrda towlanýan oduň ýalnyna,

Men intizar munda, eziz Watanym.

***

Goşa tar dutaryň, gyjagyň melhem,

Ojar ody deýin gujagyň melhem,

Daglaryň, düzleriň kalbyma ylham,

Her daban topragyň, eziz Watanym.

***

Bedew atyň ýeller bilen bäsleşer,

Köz deý halyň güller bilen bäsleşer,

Alabaýyň çöller bilen bäsleşer,

Giň sähraňa çyksa, eziz Watanym.

***

Ady-abyraýy belende galan,

Adyl syýasaty äleme dolan,

Iline Howandar, Penakär bolan,

Akadag Serdarly eziz Watanym!

                                                                                     Galina TIMOFEÝEWA,

                                                               Russiýa Federasiýasynyň Twer şäheri. 

                                       Rus dilinden terjime eden Arzuw AGANIÝAZOWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň

Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň žurnalistika hünäriniň1-nji ýyl talyby.

Related posts

Iň owadan zenan Julia Robertsiň filmleri

Küştdepdi türki dilli ýurtlary birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Muhammet pygamberiň doglan güni mynasybetli jebislik çäresi geçirildi