SPORT

Ronaldo özüni ähli döwürleriň iň beýik futbolçysy diýip atlandyrdy

«Altyn top» baýragynyň bäş gezek eýesi, portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldo özüni futbol taryhynyň iň beýik oýunçysy hasaplaýar. Ol bu barada “CNN Portugal” teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

«Men taryhdaky iň beýik futbolçy. Gürrüniň gutaran ýeri. Geçirilen gollar barada aýdylanda bolsa, sanlar hemme zadyň aýdyň subutnamasydyr» diýip, Ronaldo belledi.

«Men özümden has gowy futbolçyny tanamok. Adamlar meniň häzirki sport ýagdaýyma we geçirýän gollaryma ýeterlik derejede baha bermeýärler. Eger men geçiren gollarymyň sanyny müňe ýetirsem, bu ajaýyp üstünlik bolar» diýip, futbolçy sözüniň üstüni ýetirdi.

41 ýaşly Ronaldo Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony we Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisidir. Ol milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň we klublaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp gol geçirmek boýunça rekordlaryň eýesidir.

Futbolçy 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynda çykyş edýär. Hüjümçi professional karýerasynyň dowamynda Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Ispaniýanyň «Real» we Italiýanyň «Ýuwentus» toparlarynda hem oýnady.

Ronaldonyň professional karýerasynda geçiren gollarynyň umumy sany 981-e ýetdi. Olaryň 146-syny Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde, 835-sini bolsa klub derejesindäki duşuşyklarda geçirdi.

Related posts

Çempionlar ligasy: “Realyň” ynamly ýeňşi

Ýewro-2024: saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi

Jokowiç 92-nji kubogyny gazandy