BILIM

Himiýa ugry boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Stokgolmda Şwed ylymlar akademiýasy 2025-nji ýylyň Himiýa ugry boýunça Nobel baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. Bu kategoriýada Susumu Kitagawa (Ýaponiýa), Riçard Robson (Awstraliýa) we Omar Ýaghi (ABŞ) “metal-organiki karkaslary işläp taýýarlandyklary üçin” ýeňiji boldular.

Nobel baýragynyň 2025-nji ýyldaky pul möçberi 11 million şwed kronuny ($1,1 million) düzýär we bu pul üç ýeňijiniň arasynda deň bölüner.

Metbugat beýannamasynda: “Himiýa ugry boýunça 2025-nji ýylyň Nobel baýragynyň ýeňijileri gazlar we beýleki himiki birleşmeler geçip bilýän aralykly molekulýar gurluşlary döretdiler. Bu gurluşlar – metal-organiki birleşmeler – çölüň howasyndan suw almak, uglerody tutmak, zäherli gazlary saklamak ýa-da himiki täsirleriň tizligini üýtgetmek üçin ulanylyp bilner” diýilýär.

Himiýa boýunça Nobel komitetiniň başlygy Haýner Linke: “Metal-organiki birleşmeler uly mümkinçilige eýedir, olar täze funksiýaly, sargyt esasynda taýýarlanan materiallar üçin ozal görülmedik mümkinçilikleri döredýär” diýip düşündirdi.

Related posts

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep dörediler

Diplom ykrar etmek boýunça talaplara kimlere degişli däldir?

Ata Watan Eserleri