DÜNÝÄ

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy

Gazagystanyň Türkistan şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi. Oňa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow we Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömuraliýew gatnaşdy.

Sammitiň çäklerinde wideoaragatnaşyk arkaly Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanlaryna bu merkez barada maglumat berildi.

Bu taslamanyň türki halklaryň baý taryhy, medeni we ruhy mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilendigi habar berildi. Iň döwrebap standartlara laýyklykda gurlajak Merkeziň esasy ideýasy — türki siwilizasiýanyň dünýä taryhynda üýtgeşik orny eýeleýän, çuňňur filosofiýa we döwletlilik däplerine eýe bolan beýik siwilizasiýadygyny görkezmekden ybaratdyr.

Soňra “GovTech” sanly çözgütleriniň tanyşdyrylyşy boldy. Myhmanlara Gazagystanda emeli aňy ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan taslamalar barada gürrüň berildi. Türki döwletleriň arasynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hem uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi

Özbegistan Gazagystanda metjit gurdy

Azerbaýjan Türkmenistanyň Mejlisiniň geçiren konstitusiýa boýunça onlaýn maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilýetiniň Uganda Respublikasyna sapary barada

Türkmenistan ICESCO-da synçy derejesine eýe boldy

Türkmen ýaşlary Pekinde geçirilen halkara festiwalda milli medeniýetiň baýlygyny görkezdiler