DÜNÝÄ

“Jahan” döredijilik merkeziniň binalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň görkezmesi boýunça, Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ýurdumyzyň “Sport ýyldyzy” we “Aga gurluşyk” hususy kärhanalarynyň arasynda durmuş maksatly binalary gurmak we  ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Arkadag şäherinde ylalaşylan şertnamalara laýyklykda, “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasyna “Jahan” döredijilik merkeziniň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäginde köpugurly sport toplumyny gurmak hem-de “Şehitler” metjidini döwrebaplaşyrmak we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak wezipesi ynanyldy.

Munuň özi haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwerlikli işleriniň geriminiň barha giňelýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Related posts

Geljek ýyl Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe döwletleriniň sammiti geçiriler

2500 dile ýitmek howpy abanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Sindzo Abe hatyralandy

Ata Watan Eserleri