DÜNÝÄ

14-nji noýabr – Halkara sosiologlar güni

Jemgyýetiň sazlaşykly hereket etmeginde sosiologiýa ylmynyň ähmiýeti uludyr. Bu ylym jemgyýetde döräp biläýjek gapma-garşylyklary aradan aýyryp,  jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we olaryň asuda ýaşamagyny üpjün edýär. Jemgyýetde bu  ylma bolan zerurlygyň ýüze çykmagy  bilen halkara giňişliginde hünär baýramçylygynyň  döremegine esas bolýar.

         Dünýä jemgyýetçiliginde  sosiologlaryň hünär baýramçylygyny bellemek  güni 14-nji noýabr hasaplanylýar.  Ol ilkinji gezek  1994-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetinde rus akademiki sosiologiýasynyň mekany  bolan Sosiologiýa fakultetinde bellendi.

Bu güniň taryhy resminamasy  1901-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň  Sosial ylymlary mekdebiniň Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde  açylmagy bilen baglanyşyklydyr.  Şol döwürde bu ýokary okuw jaýy taryhda dünýäde jemgyýetçilik ylymlarynyň bir ugry bolan sosiologiýa hünäriniň toplan  tejribesi boýunça  birinjiligi eýelemegi başardy. Ýokary okuw jaýynda umumy sapaklar rus syýasatçylary  we sosiologlary: M. Kawalewskiý, N.Karaýew, Ýe.De. Roberti, P.Milýukow, P. Lawrow ýaly birnäçe tejribeli professorlar  tarapyndan talyplara ýetirilýär.

Şeýle-de,  14-nji noýabryň  rus sosiologiýasy üçin möhüm senedigini  aýratyn bellemelidiris. Hut şu gün, Russiýanyň Sosial ylymlar mekdebi Fransiýanyň meşhur Sorbonne uniwersitetinde işe başlady. Bu mekdebiň uçurymlary     XX asyryň görnükli alymlarydy.   Hut şu mekdepde rus sosiologiýasynyň esasy ýörelgeleri goýuldy. Hut şu ýerde dünýäniň ilkinji sosiologiki fakultetleriniň biri işledi. XX asyrda sosiologiýa giňeldi we ondan birnäçe ýöriteleşdirilen ugurlary  ýüze çykdy. Olarda hukuk sosiologiýasyny, maşgala sosiologiýasyny, medeniýet sosiologiýasyny aýtmak bolýar.

Häzirki wagtda bu ylym dünýäniň köpsanly ýurtlarynyň bilim ulgamynda wajyp hünärleriň biri hökmünde seredilip, bu ugurda ökde hünärmenler taýýarlanylyp  ýetişdirilýär. Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sosiologiýa fakultetlerinde sosiologlar güni yzygiderli bellenilip geçilýär. Şeýle hem 14-nji noýabrda bu hünäriň wekilleri tarapyndan maslahatlar, mowzuklaýyn sapaklar we dürli bilelikdäki çäreleri geçirilýär.

                                                                                                                                       Altyn BABYŞOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

             Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Putiniň Hytaýa 25-nji sapary: 40 resminama gol çekildi

Türkmenistanyň ilçisi amerikan işewürleri bilen duşuşdy

Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Daşkent halkara migrasiýa forumyna gatnaşdy

Türkmen we özbek parlamentarileriniň duşuşygy boldy

Saud Arabystany Ýakyn Gündogarda milliardlarça agaç ekmegi meýilleşdirýär