Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň içerki ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň uzynlygy 44 kilometr bolan Garabogaz serhetýaka bölegi dört sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Ýoluň gurluşygynda döwrebap usullardan netijeli peýdalanyldy.
Umuman aýdanyňda, bu täze, döwrebap awtomobil ýolunyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy eziz Watanymyzyň ulag-logistika kuwwatynyň artyp, türkmen topragynyň halkara gatnawlaryň möhüm halkasyna öwrülmegine oňyn itergi berer.
“Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi” awtomobil ýolunyň “Türkmenbaşy-Garabogaz” böleginde umumy uzynlygy 207 kilometr bolan, şeýle-de “Garabogaz-Gazagystan serhedi” böleginde umumy uzynlygy 44 kilometr bolan täze, döwrebap awtomobil ýoly bolup durýar.
