Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow welaýatyň Garaşsyzlyk etrabynda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy.
“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýag kärhanasynyň gurluşygy türkmen işewürliginiň öňdebaryjy «Dost gurluşyk söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barlar.
Umumy meýdany 122 müň 500 inedördül metr bolan ýokary hilli pagta ýagyny öndürýän önümçiligiň desgasy gurlar. Bu kärhana bir gije-gündizde 600 tonna çig mal kabul etmek kuwwatyna eýedir.
Desganyň guýma we gaplama binasynda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, bir ýylda jemi 8 million gowrak bir litrlik gaplara ýagyň awtomatiki guýlup, gaplanylmagy meýilleşdirilýär.
Bu kärhanada ekologiýa taýdan arassa pagta ýagyny we künjala öndürilmegi içerki bazaryň haryt bolçulygyny üpjün etmäge, azyk howpsuzlygy berkitmäge hem-de ýerli önümçiligi ösdürmäge uly goşant goşar.
Döwrebap kärhananyň işe grizilmegi bilen bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler.
