JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: Merkezi Aziýany ykdysady taýdan özüne çekiji sebit hökmünde görýäris

«Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy sebitdäki we goňşy ýurtlardaky umumy ýagdaýlara netijeli täsir etmäge ukyply diýip pikir edýäris. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam bermeli diýip hasaplaýarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň mejlisinde aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýany parahatçylykly, ykdysady taýdan özüne çekiji, geosyýasy dawalara we gapma-garşylyklara goşulmaýan durnukly sebit hökmünde görýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň öz bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we halkara borçnamalaryna laýyklykda, şu maksatlara ýetmek üçin işlemäge taýýardygyny tassyklady.

Döwrüň adaty kynçylyklaryna we täze howplara garşy durmak bilen baglanyşykly ählumumy gün tertibinde häzirki meselelere aýratyn üns bermek bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň täze ylmy we tehnologik üstünliklere daýanýan döwrebap netijeli gorag usullaryny ulanyp, bulara garşy göreşde bilelikde täsirli çäreleri görmegi teklip edýändigini nygtady.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar