JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Samarkant halkara klimat forumyna gatnaşdy

«Merkezi Aziýa—Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün bu ýerde geçirilýän «Merkezi Aziýa ählumumy klimat meseleleri bilen ýüzbe-ýüz: umumy abadançylygyň bähbidine jebisleşmek» atly birinji halkara foruma gatnaşdy.

«Silk Road Samarkant» toplumynyň Kongress merkezinde guralan iki günlük forum ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamynda dünýä ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi.

Iri klimat forumyna Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary, dünýäniň esasy bilermenleri, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet işgärleri we Hökümet agzalary, şeýle hem halkara guramalaryň we belli maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arçman” şypahanasyna baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşdy

Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady