BIZNES

Türkiýä Azerbaýjandan uzakmöhletleýin esasda tebigy gaz almaga taýýar

Türkiýe Respublikasy Azerbaýjandan goşmaça möçberde tebigy gaz satyn almak üçin uzak möhletleýin şertnamalar baglaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar aýtdy.

“Geljek 15 ýylda Azerbaýjanda goşmaça gaz möçberi bar bolsa, biziň içerki bazarymyz açyk. Türkiýäniň senagaty, ykdysadyýeti we ilaty ösýär we biz gaz satyn almak baradaky uzak möhletleýin borçnamalara taýýar” -diýdi.

Ministr Günorta gaz geçelgesini giňeltmek üçin diňe bir Türkiýeden we Azerbaýjandan däl, eýsem Ýewropadan hem işjeň gatnaşygyň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle hem, ol Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly dünýä bazarlaryna her gün 700 müň barrel nebitiň iberilýändigini, şeýle hem TANAP we TAP gaz geçirijileriniň umumy kuwwatynyň ýylda 32 milliard kub metre barabardygyny belledi.

Baýraktar, 2027-nji ýyla çenli Azerbaýjana Ýewropa gaz eksportyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berýän infrastrukturanyň eýýäm taýýardygyny aýtdy.

Related posts

Daşary we içerki bazarlarda nebit önümleri we halylar islegden peýdalandy

Öýde saklap bolmaýan, degip bolmaýan pul

Türkmenistan bilen Hytaýyň tebigy gaz söwdasynyň möçberi 415 milliard kubmetre deň boldy

Ata Watan Eserleri