BIZNES

“Demirýollary”: ýük daşamak hyzmatynda täzelik

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan halk köpçüligine edilýän hyzmatlaryň biri ýükleri daşamak hyzmaty bolup durýar. Bu barada “railway.gov.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Demirýol ulag ulgamy arkaly ýük daşamaga isleg birdirýänleriň sanynyň gün-günden artýandygyny göz öňünde tutup, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu hyzmatyň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek we hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen eýeçiligiň görnüşine garamazdan edara görnüşli hem-de telekeçiligiň hususy bölümçelerinde ýükleri daşamak bilen meşgullanýan ähli müşderilere goşmaça ýük wagonlaryň ugruny anyklamak hyzmatyny hödürleýär.

Bu hyzmat her bir müşderä öz ýüküniň barýan ugryny anyklamaga hem-de ýüküň ýagdaýy baradaky maglumatlary almaga, bu bolsa öz gezeginde müşderileriň gyzyldan gymmatly wagtyny tygşytlamaga ýardam berer.

 

Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy

Related posts

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Birža täzelikleri: türk işewürleri awtobenzin satyn aldylar

Ata Watan Eserleri

Çoganly ýaşaýyş toplumynda seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik