BILIM

Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy

2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Koreý uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Bu duşuşyga gatnaşanlar iki tarap üçin hem wajyp mowzuklary, hususan-da, oba hojalygy pudagynda ykdysady bilimi ösdürmegiň geljegi, ýurtlaryň oba hojalygynyň dürli pudaklarynda – maldarçylykda, ekerançylykda we beýleki ugurlarda mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

 

Ebrahim Raisi: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyz üstünlikli ösdüriler

Related posts

Türkmen talyplary Polşadan medally dolandylar

“Açyk gapylar”: Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Ata Watan Eserleri

Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetinde türkmen dili fakulteti açylar