JEMGYÝET

Baky Bitaraplyga bagyşlanan halkara sergi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu sergide ýurdumyzyň ähli ugurlaryndan gazanylýan üstünlikleri görkeziler.

Ykdysady gözden geçiriş çäresinde döwrebap interaktiw-multimediýa tehnologiýalaryny ulanmak göz öňünde tutulýar. Serginiň çäklerinde ylmy-amaly konferensiýalar, wieoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Olaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekiler.

Ýurdumyzyň her bir pudagyndaky üstünlikleri görkezmek üçin 1-10-njy dekabr aralygynda sergi guramak teklip edildi. Bular barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Milli Liderimiz milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Bitaraplyk gününe bagyşlanyp meýilleşdirilen dabaralary we sergileri makullap, bu barada anyk tabşyryklar berdi.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy