JEMGYÝET

Aşgabat bilen Duşenbeniň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär

Täjigistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Niýatbekzoda Wafo bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu duşuşykda ulag-aragatnaşyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hususan-da ýük gatnawlary, şeýle hem iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak babatda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň maýynda Täjigistana amala aşyran döwlet saparynda iki ýurduň arasynda 2023-2025-nji ýyllar aralygynda ýük akymyny ýokarlandyrmak we multimodal ulag gatnamalary işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin “Ýol kartasyna” gol çekilipdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Duşenbe şäherinde geçirilen sammitinde eden çykyşynda Merkezi Aziýada ulag we logistika babatda birnäçe teklipleri öňe sürüpdi.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri