BILIM

Türkmen talyplarynyň paýtagtymyza gelmegi guralar

Dünýädäki we sebitdäki oňaýsyz epidemiologik ýagdaý sebäpli Türkmenistanyň Bilim ministrligi 15-23-nji noýabr aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň welaýatlarda iş tejribeligini geçýän 4-nji, 5-nji we 6-njy ýyl talyplaryň Aşgabada getirilmegi guralar. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Talyplayrň okuw ýerlerine getirilmegi üçin uçarlaryň, otlularyň hem-de awtobuslaryň hyzmatyndna peýdalanylar. Munuň üçin “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendemirýollary” hem-de “Türkmenawtoulaglary” agentligine talyplaryň sanawy berler we bu agentlikler ýerlerde talyplar üçin bilet kassalarynyň işini ýola goýar.

Mälim bolşy ýaly. Türkmenistanda dünýädäki we sebitdäki oňaýsyz epidemiologik ýagdaý sebäpli käbir çäklendirmeler dowam edýär.

Ozal habar berişimiz ýaly, otly we şäherara awtobus gatnawlarynyň hereketi 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli duruzyldy. Halkara howa gatnawlary hem degişli döwre çenli ýatyryldy. Ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyzy ýurdumyza getirmek işleri talabalaýyk derejede ýola goýuldy.

Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem  islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!  Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!

Applikasiýamyzy indirip alyň

Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  täzelenen applikasiýasyny  öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň!  Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem  Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!  Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Dalaşgär-2026: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Dalaşgär-2026: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty