DÜNÝÄ

Tramp Kongrese geçirilen saýlawlaryň deslapky netijeleri bilen ylalaşýandygyny mälim etdi

Amerikanyň birnäçe köpçülikleýin habar beriş serişdesi Demokratik partiýanyň ABŞ-nyň Wekiller palatasynda ýeňiş gazanjakdygyny çaklaýar.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň Kongresine geçirilen saýlawlaryň deslapky netijeleri bilen doly ylalaşýandygyny mälim etdi.

«Men bu netijeler bilen doly ylalaşýaryn» diýip, Tramp “New York Times” neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň käbiriniň çaklamalaryna görä, Wekiller palatasyna gözegçiligi ele almagyna garaşylýan demokratlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge «sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny» belledi.

Hususan-da, CNN, ABC News we NBC News teleýaýlymlary Demokratik partiýanyň ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynda ýeňiş gazanjakdygyny çaklaýarlar.

Şeýle hem Demokratik partiýa Senata geçirilýän saýlawlarda öňdeligi eýeleýär.

Related posts

Kazakistan’dan TAPİ projesine büyük ilgi

vepa

Bolliwudyň iň gymmat üç filmi

vepa

Kamala Harris dalaşgärlige has ýakyn