JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. Ýurdumyzyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri we beýleki duşuşyklar geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Daşary işler ministrligi tarapyndan Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde duşuşyga taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Taýýarlanan maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, 22-nji maýda hormatly Prezidentimiz bilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşjak wekiliýet ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wekiliýet ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şol gün wekiliýet ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde mejlisleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň gün tertibiniň taslamasyna laýyklykda möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem mejlisler tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy