DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDT) döwlet Baştutanlary kosmos işi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi ilkinji nobatdaky wezipe hasaplaýarlar.

Bu barada TDT-niň resmi däl sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Türkistan jarnamasynda bellenilýär.

Resminamada: “Kosmos işi ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň barha artýan ähmiýetini ykrar edýäris we tehnologik hyzmatdaşlygy berkitmäge, ylmy we hünärmenler mümkinçiliklerini ösdürmäge, şeýle hem TDT-ä agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy we integrasiýany çuňlaşdyrmaga gönükdirilen ortak başlangyçlar arkaly muny agza döwletleriň arasyndaky özara täsiriň ilkinji nobatdaky ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýäris” diýlip aýdylýar.

Mundan başga-da, sammite gatnaşyjylar nano emeli hemralar synpyna degişli bolan “CubeSat-12U” ylmy kosmos aparatyny işläp düzmek we ony ýerde synagdan geçirmek boýunça TDT-niň çäklerinde dowam edýän bilelikdäki taslamany gutladylar we muňa netijeli köptaraply hyzmatdaşlygyň nusgasy hökmünde garadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary