DÜNÝÄ

Bahreýn Patyşalygy Türkmenistana täze ilçi belledi

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary berkitmek ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi, kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, ykdysady, medeni, parlamentara hyzmatdaşlyklary ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Ilçi şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi bilen gutlady we bu Forumyň umumadamzat ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzuk sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi.

Related posts

Pakistanyň federal ministri Türkmenistanda saparda bolar

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar

Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy