DÜNÝÄ

Putin prezidentlige dalaşgärlik resminamalaryny tabşyrdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 2024-nji ýylyň 17-nji martynda Russiýada geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgär boldy. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Şu gün Wladimir Putin Russiýanyň Merkezi saýlaw toparynyň binasyna baryp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine dalaşgär bolmak üçin resminamalaryny hödürledi.

Wladimir Putin bu gezekki saýlawlara garaşsyz dalaşgär hökmünde gatnaşýar.

Saýlawlar şu gezek 15-17-nji mart günleri, 3 gün dowam eder.

Russiýanyň kanunçylygyna laýyklykda, garaşsyz dalaşgäriň işjeň ses bermek hukugyna eýe bolan azyndan 500 Russiýa Federasiýasynyň raýat toparynyň goldawy zerurdyr.

Golaýda, 16-njy dekabrda Russiýa Federasiýasynyň raýat topary Wladimir Putiniň garaşsyz dalaşgär bolmagyny goldap çykyş etdi.

Related posts

2017 Yılı: Sağlık ve Mutluluk Yılı ilan edildi

vepa

A meeting with High Commisioner of the OSCE on National Minorities

vepa

Jeýhun Baýramow: Awaza sammiti taryhy ähmiýete eýedir