SPORT

«Gamba» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň kubogyny gazandy

Saud Arabistanynyň «Al-Nasr» toparynyň futbolçylary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň final duşuşygynda Ýaponiýanyň «Gamba» toparyndan 0:1 hasabynda utuldy. Duşuşyk Er-Riyad şäherinde geçirildi.

Oýnuň 30-njy minutda goly Deniz Hummet geçirdi.

«Al-Nasr» toparynda çykyş edýän, futbol taryhynyň iň netijeli hüjümçisi Kristiano Ronaldo  ýene-de topary bilen kubogy gazanyp bilmedi. Ol bu kluba 2022-nji ýylyň dekabrynda geçipdi. 2023-nji ýylda hüjümçi «Al-Nasra» Arabistanyň çempion klublarynyň kubogyny utmaga kömek edipdi.

Geçen möwsümde «Al-Nasr» Aziýanyň Çempionlar ligasynyň iň güýçli diwizionynyň ýarym finalyna çenli barypdy, emma Saud Arabistanynyň çempionatynda üçünji orny eýeländigi sebäpli, oňa gaýtadan gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedi.

«Al-Nasr» topary Saud Arabistanynyň çempionatynda möhletinden öň çempion bolmak mümkinçiligini elden gidirendigini habar beripdik.

Bilşiňiz ýaly, AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda Türkmenistanyň çempiony “Arkadag” topary hem çykyş edip, 1/8 finalda  «Al-Nasr» toparyndn utulypdy.

Related posts

Saud Arabystany dünýä çempionatyny geçirmek isleýär

Abramowiç türk toparyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär

“Barselona” rekord goýmagyny dowam edýär