JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşmak üçin baran Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowy kabul etdi.

Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisine (WUF13) gatnaşmak üçin Azerbaýjana bardy.

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisi (WUF13) başlaýar. «Report» agentliginiň habar bermegine görä, çäre Baky Olimpiýa stadionynda geçiriler.

Maý aýynyň 22-sine çenli dowam etjek bu forum Azerbaýjan hökümetiniň we BMG-niň Adam we ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) ýakyn hyzmatdaşlygynda guralýar.

Related posts

Täze kanunçylyk namalaryna serediler

Russiýanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Halk Maslahaty bilen Federasiýa Geňeşiniň arasynda ylalaşyga gol çekildi