JEMGYÝET

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentine Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna tebigatyň täzelenişiniň, topragyň janlanmagynyň nyşany hökmünde her ýyl bellenilýän Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Nowruz gadymy baýram bolup, bereketli günleriň ýetip gelendigini buşlaýar. Umumy medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan baý many-mazmunly bu baýramda dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

2024-nji ýylyň biziň üçin täze mümkinçiliklere we üstünliklere beslenjekdigine umyt edýärin. Umumy maksatlarymyza ýetmek üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy yzygiderli pugtalandyrmaga hem-de mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygymyzy beýan etmek bilen, Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Samarkant sammitinde çykyş etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşyda “Kenar” sorujy bekedi we suw süýjediji desga gurlar

Raşid Meredow bilen Marko Rubio arasynda telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri