JEMGYÝET

Türkmenistan Russiýadaky terrorçylykly hereketi berk ýazgardy

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäherindäki “Korkus siti holl” konsert zalynda amala aşyrylan terrorçylykly hereketi berk ýazgardy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beren beýanatynda bellenilip geçilýär.

Şeýle hem beýanatda bu terrorçylykly hadysada gurban bolanlaryň ýakynlaryna we dogan garyndaşlaryna çuňňur gynanç bildirildi. Ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary dileg edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnogorsk şäherindäki “Korkus siti holl” konsert zalynda bolup geçen partlama hem-de köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň ýüze çykmalaryny iň berk ýazgarmak bilen bir hatarda dünýä jemgyýetçiliginiň bu hereketlere garşy göreş we ýok etmek tagallalaryny doly goldaýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»