JEMGYÝET

Si Szinpin: Türkmenistan bilen “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny durmuşa geçirýäris

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramçylygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

– Geçen ýyl Siziň bilen duşuşyklar geçirdik, hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyny, şeýle hem Hytaýyň we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn derejede “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny durmuşa geçirýändigini bilelikde yglan etdik. Bu bolsa, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin täze gözýetimleri açdy.

Men ikitaraplaýyn dialogyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýärin we Siziň bilen iş gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dürli ulgamlar boýunça ilerletmäge, hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrmaga, iki ýurduň halklarynyň rowaçlygyny ýokarlandyrmak üçin Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” bilelikde gurmaga taýýardyryn – diýip, Si Szinpiniň gutlag hatynda bellenilip geçilýär.

 

Related posts

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Türkmen atlı sirk grubu, Rusya’da Altın Gaetano ödülüne layık görüldü

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Balkan welaýatyna iş sapary