JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň zenanlarynyň ikinji dialogy “Awazada” geçirilip bilner

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelen Täze ýyl baýramçylygy bilen gutladylar.

Söhbetdeşler türkmen-rus hyzmatdaşlygy we syýasy dialogyň ähmiýetini belläp geçdiler.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri 2022-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň birinji dialogynyň üstünlikli geçirilendigini belledi. Geçen forumyň zenanlaryň halkara durmuşynda durnuklaşdyryjy we döredijilik ornuny görkezendigi we olaryň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek işlerine işjeň gatnaşmagyna möhüm itergi berendigi nygtaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Walentina Matwiýenko Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň ikinji dialogyny 2025-nji ýylyň maýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Ikinji Hazar gepleşikleri, bu sebitiň hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň döredijilik hyjuwlarynyň merkezine, çäklerinden has uzaklara ýaýbaňlanjak jogapkärçilikli halkara diplomatiýa merkezleriniň birine öwrülýändigini görkezmelidir.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri