JEMGYÝET

Tagt oýunlary ilkinji gününde rekord goýdy

20-nji maýda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda «Tagt oýunlary» atly köp bölümli meşhur filmiň iň soňky möwsüminiň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Ähli bölümleri hem uly gyzyklanma eýe bolan filmiň jemleýji möwsümine diňe bir günde bir döwletde ― ABŞ-da 19 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Reuters» agentligi habar berýär.

Aýdylyşyna görä, filmiň sekizinji möwsüminiň altynjy bölümi efire berilýärkä, HBO GO we HBO NOW platformalary bilen 19,3 million adam tomaşa edipdir. Şeýlelikde, bu görkeziji HBO ýaýlymynyň rekordyna öwrüldi.

Mundan ozalky rekord köp bölümli filmiň jemleýji möwsüminiň bäşinji bölümine degişlidi. Bölümiň görkezilen güni oňa 18,4 million adam tomaşa edipdi.
HBO-nyň ýene bir maglumatyna görä, «Tagt oýunlary» dünýäniň 150-den gowrak döwletinde görkezildi. Ýöne filme Ýer ýüzi boýunça takmynan näçe million adamyň tomaşa edendigini çaklamak we hasaplamak kyn.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy