JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti holl» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkinenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar.

Şu agyr pursatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkynyň we Höktimetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Aşkabat Sezonun İlk Karını Bekliyor

vepa

Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy