JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna sapary başlandy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna sapar bilen ugrady. Birnaçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary London şäheriniň halkara howa menziline gondy.

Mälim bolşy ýaly, şu günler Beýik Britaniýada meş­hur Wind­zor hal­ka­ra at­ly oýun­la­ry­ geçirilýär. Oňa türkmen atşynaslary hem gatnaşýar. Türkmen atşynaslarynyň şeýle abraýly çäre gatnaşmagy  «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda has-da aýratyn ähmiýete eýedir.

«Royal Wind­sor Hor­se Show» 1944-nji ýyl­dan bä­ri Wind­zor köş­gün­de geçirilýän meşhur atly oýunlar çäreleriniň biridir.

Related posts

Tomaşa merkezlerinde şu hepde

vepa

Gazet-žurnallar barada möhüm kararlar

Ata Watan Eserleri

Taryhda iň uzyn laýner öndürildi

vepa