Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
D.Orazow, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Şeýle hem ol Koreýa Respublikasynda geçirilýän Halkara ykdysady forumda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik binalarynyň mümkinçiliklerini görkezmäge döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
D.Orazow häzirki wagtda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, gurluşyk işlerini ýokary hil derejesinde alyp barmak, desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýlandygy barada giňişleýin maglumat berdi.
