Gündelik täleýnamasy bilen işjeň gyzyklanýan okyjylar! Size tutuş 2026-ny ýylyň Maý aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Aýyň başy ýokary işjeňlik we seresaplylyk döwri.Aýyň ilkinji günlerinde siz aýratyn gujurly bolarsyňyz we asuda oturyp bilmersiňiz. Esasan hem sungat şou-biznes senetçilik ýa-da önümçilik ulgamynda zähmet çekýän bolsaňyz täze pikirler yzygiderli döräp başlar. Işewürlik işjeňligi hem ep-esli ýokarlanar.Gürrüňdeşlik gurşawyňyz giňäp, meýilleşdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin gyzykly teklipler we mümkinçilikler dörär.Şeýle-de bolsa, ätiýaçlylygy elden bermezlik we duýgulara girmezlik möhümdir. Daş-töwerekdäki adamlaryň garaýyşlaryny we bähbitlerini göz öňünde tutman, gyssagly hereket etmäge synanyşmak gepleşiklerde, resminamalary resmileşdirilende ýa-da köpçülik öňündäki çykyşlarda düşünişmezliklere getirip biler. Hyzmatdaşlaryňyza has ünsli bolmaga çalyşyň bu durnuksyzlyklardan we gereksiz gapma-garşylyklardan gaça durmaga kömek eder. Maliýe taýdan bu döwür tygşytlylygy talap edýär: esassyz çykdajylar, ujyply zyýanlar ýa-da birwagtlaýyn ýitgiler bolup biler. Maý aýynyň ortalary has asuda, ýöne netijeli geçer. Bu döwür telekçiler, hukukçylar, mugallymlar, diplomatlar, syýasatçylar we ylmy barlagçylar üçin örän amatlydyr. Öz wagtynda edilen tagallalar netijesinde geljekki rowaçlygyň ygtybarly binýadyny tutup we wezipäňizde öňe gidip bilersiňiz. Köpler size goldaw bermäge taýyn bolar, emma hyzmatdaşlaryňyzyň goldawyny we hyzmatyny nähili sylaglajykdygyňyz barada öňünden oýlanmagyňyz zerurdyr. Hukuk meseleleri hem şowly çözüler. Eger-de resminamalary resmileşdirmek üçin döwlet edaralaryna ýüz tutmak gerek bolsa, mundan gowy wagty tapmak kyn bolar.Aýyň soňky günlerinde daş-töwerekdäki adamlar bilen gatnaşyklaryňyza aýratyn üns bermeli bolarsyňyz. Bu hem işewürlik, hem şahsy durmuşyňyza degişlidir. Başgalaryň bähbitlerini gözden salman, olaryň pikirlerine ähmiýet bermäge, sabyrly we mähirli bolmaga çalşyň. Şeýtmek bilen, özüňiz üçin gadyrly bolan adamlar bilen gatnaşyklarda ýüze çykyp biljek dartgynly pursatlaryň öňüni alyp bilersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Maý aýy: Özgerişler, duýgular we täze mümkinçilikler bilen doly bolar.Sizi ilki bilen emosional ýagdaýyňyza we maliýe şertleriňize täsir etjek içerki hem-de daşarky özgerişler döwrine garşylaýar. Maý aýynyň käbir günlerinde asudalygy saklamak aňsat bolmaz, ýöne muny başaryp bilseňiz, gowulyga tarap üýtgeşmeler özüni köp garaşdyrmaz.Maýyň ilkinji günleri durmuşyň ähli ugurlarynda özgerişleri getirip biler. Öý we maşgala işleri zähmet işjeňligi bilen ysnyşykly baglanyşar, ylham we duýgurlyk bolsa siziň iň ýakyn kömekçiňize öwrüler. Bu döwürde siz dürli häsiýetli adamlar bilen gürrüňdeş bolmaly bolarsyňyz. Dostlaryňyzyň hünär işiňiz barada berjek peýdaly maslahatlary kärdeşleriňiziň bolsa şahsy meseleleriňizi çözmekde goldaw bermegi gaty ähtimaldyr. Şeýle-de, iş ýerinde şahsy gatnaşyklaryň we söýgi duýgularynyň döremegi mümkin. Ýyldyzlar täze başlanjak gatnaşyklaryň sazlaşykly ösjekdigini wada berýärler, emma wakalary gyssaman her bir zadyň öz akymyna gitmegine ýol bermegi maslahat berýärler.Aýyň ortalary aýratyn seresaplylygy talap eder. Köp wezipeleriň çözgüdiniň adatdakysyndan has kyn düşýändigini we ünsüňizi jemlemek üçin has köp tagalla etmelidigiňizi duýarsyňyz. Gerekli maglumatlary edinmek aňsat bolmaz, käbir ýagdaýlarda bolsa habarlar gijigip geler we bu size dogry çözgüt kabul etmäge bökdençlik döreder. Iş ýeriňizde adatdakysyndan has köp alada höküm sürer, öýde hem ýagdaýlar durnuksyz bolup biler. Bu wagt işe ýa-da şahsy durmuşa degişli möhüm çözgütleri kabul etmekden saklananyňyz gowudyr. Iň gowusy, asudalygy saklap, çiddileräk ýalňyşlyklara ýol bermän, has amatly döwre garaşmalydyr.Maý aýynyň soňky günleri düýbünden başgaça bolar. Pozitiw meýilleriň täsiri ýokarlanar öň batyrgaýlyk edip bilmedik ädimleriňiz we batyrgaý hereketleriňiz üçin amatly wagt geler. Bu döwür özbaşdak işe başlamak, hususy telekçiligi ösdürmek we biznes gurmak üçin gaty amatlydyr. Şeýle hem öň düşünişmezlik bolan adamlar bilen ýaraşmaga, ökünç getiren bökdençliklerden soň şahsy gatnaşyklary täzeden dikeltmäge mümkinçilik döreder.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Maý aýynda öňler öz-özünden we köplenç siziň erkiňizden daşary bolup geçýän wakalary gözegçilik astyna almaga mümkinçilik döreder. Siz has sabyrly we çynlakaý bolarsyňyz, bu bolsa netijeli işlemäge hem-de oýlanyşykly çözgütleri kabul etmäge kömek eder. Eger-de gyssaglylyga ýol bermän, yzygiderli hereket etseňiz öň örän çylşyrymly bolup görünen möhüm işlerde uly üstünlikleri gazanyp bilersiňiz.Maýyň ilkinji günlerinde köp Jöwzalar üçin hünär we maliýe meseleleri birinji orna çykar. Siz işleriňizi adatdakysyndan has çalt bitirersiňiz we has köp tutanýerlilik görkezersiňiz. Munuň netijesinde mynasyp sylaglar hem özüni köp garaşdyrmaz. Şeýle-de, bu döwür peýdaly tanyşlyklary we netijeli gepleşikleri wada berýär. Diňe käwagt ýakynlartyňyz bilen gürrüňdeş bolmaga wagtyňyzyň az galmagy ahmal. Emma muňa garamazdan, söýýän adamlaryňyza üns bermäge çalşarsyňyz.Maý aýynyň ortalary aýratyn düşümli bolar. Ýakyn wagtda çylşyrymly bolup görünen işlere hem ýapyşmaga özüňizde güýç taparsyňyz. Şeýle hem, işewürlik we şahsy bähbitleri garyşdyrmazlyk möhümdir. Bu döwür iş ýeriňizde şahsy gatnaşyklara başlamak üçin amatly wagt däldir. Professional wezipeleriňizi çözmek üçin bolsa ýakynlaryňyzy bu işe goşmazlyk maslahat berilýär.Maýyň soňky günlerinde maliýe ýagdaýyňyza aýratyn üns bermek peýdaly bolar. Meselem, eldäki serişdeleri nähili dogry dolandyrmalydygyna we girdejini artdyrmak üçin näme etmelidigine göz ýetirip bilersiňiz. Mundan başga-da, gysga wagtyň içinde ilkinji peýdasyny berjek we geljekde hem durnukly boljak täze hyzmatdaşlyga başlamak ähtimallygy bar. Şahsy gatnaşyklar nukdaýnazaryndan hem bu döwür şowly bolar. Ýyldyzlar esasan hem bu wagt öz ilkinji söýgüsine duşup biljek ýaş Jöwzalara aýratyn gün bolar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Maý aýynyň birinji ýarymy çylşyrymlylygy bilen tapawutlanar. Wakalar siziň garaşyşyňyzdan düýbünden başgaça ösüp biler we köp meseleleriň çözgüdi aňsat düşmez. Gözegçilik we üns talap edýän täze işleriň hem-de borçlaryň ýüze çykmagy, şeýle hem öňden gelýän problemalaryň gaýtadan ýatlanmagy we olary özbaşdak çözmeli bolmagyňyz gaty ähtimaldyr. Adaty usullaryňyz garaşylýan netijäni bermez şonuň üçin göni iş üstünde täze çäreleri oýlap tapmaly bolarsyňyz. Soňky döwürde işlerini aňsatlyk bilen bitirip, hemme zadyň şeýle dowam etjekdigine ynanan Seretanlar üçin garaşylmadyk bökdençlikler ýüze çykyp biler. Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň käbirinde täze borçlar döräp, olary ýerine ýetirmek üçin täze ukyplary öwrenmeli bolar. Ýöne iň gynandiriji tarapy, bu ýagdaýyň häzirlikçe girdejileriňize hiç hili täsirini ýetirmezligidir.Şeýle-de bolsa, edil şu döwür kynçylyklardan gorkmaýan we tagalla etmäge taýyn bolan adamlar üçin täze gapylary açar. Öz bilimleriňizi we ukyplaryňyzy ýokary derejede netijeli ulanmaga çalşyň. Häzirki wagtda ýaltalyga ýol bermek ýa-da özüňize dözmek düýbünden bolmaz, sebäbi täze we gyzykly mümkinçilikler diňe öňe barýan hem-de bökdençlikleri ýeňip geçýän adamlaryň öňünde jemlener.Emosional gurşaw durnukly we amatly bolar. Köp Seretanlar daş-töwerekdäki adamlar bilen dil tapyşmagyň has aňsatlaşandygyny, ýakynlarynyň tankytlamagyň ýerine has ýygy goldaw berýändigini duýarlar. Maýyň başy täze şahsy gatnaşyklara başlamak üçin hem gowy wagtdyr. Ýöne bu gatnaşyklar siziň isleýşiňiz ýaly çalt ösmejekdigini göz öňünde tutmalysyňyz.Maý aýynyň ikinji ýarymy has parahat we asuda ýagdaýda geçer.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Sizi şowly we bereketli aý garaşýar. Elbetde, bu döwri bütinleý kynçylyksyz bolar diýip aýtmak kyn emma pozitiw meylleriň täsiri has ýokary bolar. Şonuň üçin hem köp işleriňizde ýyldyzlaryň goldawyna doly bil baglap bilersiňiz.Işewürlik täze hyzmatdaşlar dörär.Adaty işleriňizi ýerine ýetirmek siz üçin garaşyşyňyzdan has aňsat bolar. Öňler uly tagallalar bilen gazanýan maksatlaryňyza indi diňe şowlylygyň netijesinde ýetip bilersiňiz. Şeýle hem örän täsirli hyzmatdaşlaryň peýda bolmagy gaty ähtimaldyr. Olaryň köpüsi siziň özüne çekijiligiňize we zehiniňize baha berip, hiç hili hantama bolmazdan, meýletin goldaw görkezerler. Ilki başda işewürlik hökmünde başlanan gatnaşyklar wagtyň geçmegi bilen şahsy we romantik häsiýete eýe bolup biler.Şeýle-de bolsa, bu wagt sypayçylygy we seresaplylygy saklamak örän möhümdir.Maý aýynda çalt baýlaşmak aňsat bolmasa-da, maliýe ýagdaýyňyz durnukly we gowy bolar. Girdejiniň täze çeşmesiniň ýüze çykmagy hem mümkin. Aýyň dowamynda umumy saglyk ýagdaýyňyz durnukly bolar. Sizi biynjalyk edip biljek ýagona zat howanyň üýtgemegine bolan aýratyn duýgurlykdyr. Şonuň üçin howa şertleri üýtgeýän günlerde adatdakysyndan has köp dynç almaga we özüňize wagt aýyrmaga çalyşmalysyňyz.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Aýyň dowamynda bütinleýin pozitiw meylleriň täsiri ýokary bolar. Bu amatly şertlerden çynlakaý we göwünli işleri meýilleşdiren Sünbüleler doly peýdalanmalydyrlar. Döwrebap we giň göwrümli taslamalaryň üstünde işläp başlamak üçin amatly aý geldi. Eger-de durmuşyňyzda düýpli özgerişleriň bolmagyny isleýän bolsaňyz, onda tutanýerli we kesgitli ädimleri ätmäge taýynlanyň, wagtňyzy gysga we ähmiýetsiz işlere sarp etmäň. Göz öňünde tutan ugruňyzda ilkinji ädimleri ätmek üçin ajaýyp mümkinçilik dörär, bu ýagdaýda bolsa sabyrlylygy we ünsüňizi ýitirmezlik örän möhümdir.Aýyň birinji ýarymy işewürlik nukdaýnazaryndan maý aýynyň birinji ýarymynda aýratyn şowly geçer. Bu döwürde pul girdejileriniň bolmagy we gaty gyzykly teklipleriň gelip gowuşmagy gaty ähtimaldyr.Aýyň ikinji ýarymynda ýyldyzlaryň goldawyna maý aýynyň ikinji ýarymynda hem doly bil baglap bilersiňiz, ýöne bu wagt wakalar birneme haýal ösüp başlar. Hyzmatdaşlaryňyz ylalaşyklary we borçlary gijikdirip ýerine ýetirip bilerler. Käbir ýagdaýlarda bu meýilleşdirilen tölegleriň hem gijikdirilmegine getirer, şonuň üçin öňünden maliýe ätiýaçlygyny göz öňünde tutmagyňyz maslahat berilýär.Köp Sünbüleler üçin aýyň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklar birinji orna çykar. Bu döwürde ýyldyzyň wekilleri dostlaryň we ýakyn tanyşlaryň gurşawynda has köp wagt geçirip başlarlar, ýatda galjak gyzykly duşuşyklaryň bolmagy hem ep-esli ýokarlanar. Öňler köp gowy zatlar eşiden adamyňyz bilen gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik dörär. Eger-de kimdir biri siz üçin garaşylmadyk tanyşlyk duşuşygyny guramak islese, ondan ýüz öwürmäň: bu duşuşyk garaşyşyňyzdan has ýakymly we täsirli geçip biler.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Ilki başdan işe çynlakaý çemeleşmäge taýynlanyň: maý aýynyň başynda uly tagalla etmeli bolarsyňyz. Başgalar öz işleri bilen meşgullanýan wagty, siz möhüm işewürlik meselelerini çözüp, täze hyzmatdaşlyklar barada ylalaşyp ýa-da girdejiniň täze çeşmesini tapyp bilersiňiz. Aýyň ilkinji günlerinde ýyldyzlar esasan hem täze iş gözleýän adamlara aýratyn rehimdar bolar: bu ýyldyzyň wekillerine örän gyzykly teklipler garaşýar. Telekeçilik bilen meşgullanýan Mizanlar üçin bolsa täze bazarlara çykmaga kömek etjek ygtybarly hyzmatdaşlary edinmek mümkinçiligi dörär.Işdäki üstünlikler örän ruhlandyryjy bolar, ýöne şonda-da asuda dynç almak we güýç-gudratyňyzy dikeltmek üçin ýeterlik wagt galdyrmaga üns beriň. Bu ýagdaý aýratyn-da dowamly ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden, nerwdartgynlylygyndan döräýän kelle agyrylaryndan ejir çekýän ýa-da ýygy-ýygydan newrologik meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlar üçin örän möhümdir. Şeýle şertlerdäki Mizanlar özlerini aýratyn goramalydyrlar we aşa ýadawlukdan gaça durmalydyrlar.Aýyň ikinji ýarymy has parahat we asuda ýagdaýda geçer. Ol romantik duşuşyklardan doly bolar şeýle hem öňler gadyr goýan şahsy gatnaşyklaryňyzy täzeden dikeltmäge şert döreder. Siz ýakynlaryňyza has köp wagt aýryp bilersiňiz we olar munuň üçin size aýratyn minnetdar bolarlar. Dostlaryňyz hökman gyzykly taslamalary meýilleşdirerler we siz hem olara şatlyk bilen goşularsyňyz. Bu döwür göwün açyş syýahatlary, gurşawy üýtgetmek we özüňize ruhy taýdan ýakyn adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin örän amatlydyr.Maliýe taýdan garaşylmadyk çykdajylaryň bolmagy ähtimaldyr.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Maý aýynyň başy karýera basgançagyndan ýokary galmak üçin täze gapylary açar. Ýyldyzlar esasan hem bilim ýa-da medeniýet ulgamynda zähmet çekýän, jemgyýetçilik işlerine aktiw gatnaşýan ýa-da diňe başgalaryň meselelerini çözmäge uly üns berýän adamlara aýratyn ünüsli bolar. Bu döwürde köp Akraplar diňe öz bähbitlerini däl, eýsem umumy abadançylygy göz öňünde tutup hereket ederler. Geň galsaňyz hem, edil şu çemeleşme köp babatda maliýe durnuklylygyny üpjün eder, käbir ýagdaýlarda bolsa bu ýyldyzyň wekilleriniň girdejileriniň artmagyna getirer.Iş ýeriňizde adatdakysyndan has köp işlemeli bolsaňyz hem, özüňizi gaty gowy duýarsyňyz. Siziň güýç-gudratyňyz diňe bir işe däl, eýsem maýyň ilkinji günlerinde amala aşyrmak üçin örän amatly bolan aktiw dynç alşa hem doly ýeter. Şeýle-de, bu döwür maşgala bolup gezelenç etmek we romantik syýahatlara çykmak üçin gaty amatlydyr. Aýyň ikinji ýarymy has köp öň başlanan işleri tamamlamaga we köne meseleleri çözmäge bagyşlanar. Bu ýyldyzyň ýaş we gujurly wekillerine bu wagt birneme içgysgynç bolup görnüp biler.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Maý aýynyň başy şowly pursatlara baý bolar, şonuň üçin hem çynlakaý işleri hem-de möhüm duşuşyklary soňa goýman, wagtynda çözmäge çalyşmalysyňyz. Möhüm bir zady meýilleşdirdiňizmi? Onda meýilnamaňyzy amala aşyrmak üçin ilkinji ädimleri gysga wagtyň içinde ätmäge synanyşyň.Şeýle-de, aýyň başynda daş-töwerekdäki adamlar bilen gatnaşyklaryňyzyň nähili kemala gelýändigine aýratyn üns beriň. Ýakyn wagtda size ygtybarly kömekçileriň we hyzmatdaşlaryň gerek bolmagy gaty ähtimaldyr. Şol sebäpli häzirki döwürde köne aragatnaşyklary täzeden dikeltmek, tejribesine ynanýan adamlaryňyz bilen geljekki meýilnamalaryňyzy ara alyp maslahatlaşmak we bilelikdäki işewürlik barada ylalaşmak örän bähbitlidir.Şahsy gatnaşyklarda söýgüli adamyňyzyň arasynda nähilidir bir düşünişmezlik dörän bolsa, ýagdaýy aýyň ortalaryna çenli aýdyňlaşdyrmaga çalşyň. Sebäbi bu wagt aralygyndan soň özara dil tapyşmak has-da kynlaşar, biri-biriňize bolan gahar-gazap we öýke-kineler bolsa artar. Şahsy durmuşyňyza degişli düýpli çözgütleri maý aýynda kabul etmezlige çalyşmalysyňyz. Bu aý emosional taýdan çylşyrymly geçip biler, bu bolsa ýagdaýa dogry hem-de adalatly baha bermegiňize bökdençlik döredip biler.Aýyň ikinji ýarymy hem geňgaldyryjy pursatlary we has çynlakaý kynçylyklary getirip biler. Emma nähili ýagdaý dörese-de, ähli bökdençlikleri ýeňip geçmek üçin sizde ýeterlik güýç-gudrat we durnuklylyk bolar. Siz özüňizdäki optimizmi we pozitiw garaýyşlary saklamagy başarsyňyz, köp derejede edil şu häsiýetleriňiz arkaly hem ýüze çykjak ähli synaglardan şowly geçersiňiz.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Öz içki duýgurlygyňyza intuisiýaňyza aýratyn ünsli boluň. Maý aýynda sizi çylşyrymly ýagdaýlardan halas etjek hem-de bäsdeşleriňiziň guran duzaklaryna düşmezlige kömek etjek esasy güýç siziň duýgurlygyňyz bolar.Maý aýynda aladalaryňyz garaşyşyňyzdan has köp bolar. Iş ýeriňizde nähilidir bir meseleleriň ýüze çykmagy we olary çözmek üçin şahsy meýilnamalaryňyzy yza süýşirmeli bolmagyňyz gaty ähtimaldyr. Käbir Jediler ýyldyzynyň astynda doglanlar başgalaryň borçlaryny hem ýerine ýetirmeli bolarlar. Munuň üçin bolsa ilki başda örän çylşyrymly bolup görünýän täze ukyplary çalt öwrenmek talap ediler.Maşgala gatnaşyklaryňyzda ýakynlaryňyz bilen düşünişmezlikleriň we gapma-garşylyklaryň döräp biljekdigini hem göz öňünde tutmalysyňyz. Eger-de siz özüňizi alyp barmakda sabyrlylygy saklamasaňyz we ýüze çykjak dartgynly pursatlary ýumşatmaga synanyşmasaňyz, hatda ýönekeý meseleleriň ara alanyp maslahatlaşylmagy hem gyzgalaňly jedele öwrülip biler. Şonuň üçin hem käbir Jediler garyndaşlarynyň goýberen ýalňyşlyklaryny düzetmeli bolarlar.Aýýyň ahyrynda nähili ýagdaý dörese-de, pozitiw garaýyşlaryňyzy saklamaga çalşyň. Bu ilki bilen siziň şahsy abadançylygyňyz we saglygyňyz üçin örän möhümdir. Sebäbi häzirki döwürde olar ýaly negatiw duýgular saglyk ýagdaýyňyza erbet täsir edip, ukusyzlyga ýa-da nerw dartgynlylygyndan döräýän kelle agyrylaryna getirip biler.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Maý aýynda durmuşda tutanýerlilik we maksada okunlylyk görkezmegiň wagty geldi. Bu häsiýetler aýratyn hem maý aýynyň başynda, ýagdaýlaryň o diýen aňsat bolmajak we hatda kiçijik üstünlikleri gazanmak üçin hem uly tagalla etmeli boljak döwründe örän möhümdir. Goldawyna bil baglan adamlaryňyz öz işleri bilen aşa meşgul bolarlar, şol sebäpli ýüze çykjak ähli meseleleri özbaşdak çözmeli bolmagyňyz gaty ähtimaldyr. Bu ýagdaý diňe bir işewürlik ulgamyna däl, eýsem şahsy gatnaşyklara hem degişlidir. Ýakynlaryňyzyň goldaw bermäge islegsiz çemeleşmegi, käwagt haýyşlaryňyzy äsgermezlik etmegi ýa-da size isleýşiňiz ýaly üns berip bilmezligi gaty geň galdyryp biler. Emma muňa nähilidir bir erbet niýet hökmünde garamak gerek däldir. Munuň esasy sebäbi diňe şowsuz emele gelen ýagdaýlar we siziň içki aladalaryňyzyň hemme kişä aýdyň bolmazlygy bilen baglanyşyklydyr. Käbir meseleleri açyk gürrüňdeşlik arkaly düzetmek bolar, ýöne käbir ýagdaýlar bilen häzirki wagtda diňe ylalaşmaly bolarsyňyz.Aýyň ahyryna tarap ýakynlaşdygyňyzça, pozitiw meýilleriň täsiri has aýdyň duýlup başlar. Maliýe ulgamynda gowulyga tarap özgerişleriň bolmagy gaty ähtimaldyr: uly bolmadyk pul girdejileri, şowly geleşikleriň bolmagy mümkin. Maý aýynyň ikinji ýarymy iri söwda amallaryny, şol sanda maşgala agzalaryňyz bilen bilelikde etjek satyn almalaryňyz üçin örän amatlydyr. Garyndaşlar bilen gatnaşyklar has sazlaşykly bolar, gürrüňdeşlikde ýüze çykýan dartgynly pursatlar öňküsi ýaly ýygy-ýygydan gaýtalanmaz.Şeýle-de, bu döwürde bu ýyldyzyň wekilleriniň köpüsi özlerini öňküden has gujurly we güýçli duýarlar. Eger-de maýyň birinji ýarymynda ýadowlyk we stress sebäpli umumy saglyk ýagdaýyňyz peselen bolsa, aýyň ahyryna çenli siz ýene-de güýç-gudrata we durnuklylyga eýe bolarsyňyz.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Aýyň dowamynda bütinleýin pozitiw meyilleriň täsiri ýokary bolar. Maý aýy uzak möhletli taslamalaryň üstünde işläp başlamak ýa-da durmuşyňyzda düýpli özgerişleri amala aşyrmak üçin örän amatlydyr. Siziň öňüňizde täze maksatlaryň, islegleriň we ymtylyşlaryň ýüze çykmagy gaty ähtimaldyr, munuň netijesinde bolsa öňler möhüm bolup görünýän ähmiýetsiz işlere indi artykmaç güýç sarp etmek islemersiňiz. Häsiýetiňizdäki we hereketleriňizdäki bu düýpli özgerişler daş-töwerekdäki adamlara elmydama aýdyň bolup durmaz, ýöne size hakykatdan hem gadyr goýýan we gadyrly bolan ynsanlar sizi hökman goldarlar hem-de ýanyňyzda bolarlar.Işewürlik gatnaşyklarynda hem möhüm özgerişleriň bolmagy gaty ähtimaldyr. Eger-de öňler kimdir biri siziň zehiniňize, bilimiňize we professional ukyplaryňyza şübhe bilen garan bolsa, häzirki wagtda munuň üçin hiç hili esasyň bolmadygyna hemme kişi aýdyň göz ýetirer. Mundan başga-da, käbir Hutlar kärdeşleriniň we hyzmatdaşlarynyň gözünde islendik çylşyrymly meseleleri çalt çözmäge, kyn ýagdaýlardan şowly çykmaga we güýçli bäsdeşleri hem yzda galdyrmaga ukyply bolarlar.Siz hakykatdan hem köp işleri şowly bitirersiňiz.Maý aýynyň ahyrynda şahsy gatnaşyklarda garaşylmadyk üýtgeşik duşuşyklara örän baý bolar. Olaryň biri bolsa durmuşyňyzy düýbünden üýtgetmese-de, onda örän wajyp orun eýelejek täze romantik gatnaşyklaryň başlangyjy bolup biler. Ýöne duýgular nähili güýçli we aýdyň bolsa-da, siz sabyrlylygyňyzy ýitirmersiňiz. Islendik ýagdaýda hem asudalygy saklap, paýhasly oýlanmak ukybyňyz geljekde ökünç getirip biljek ýalňyş ädimleri ätmezlige size iň uly kömegi berer.
