JEMGYÝETTEHNOLOGIÝA

Hazaryň türkmen kenarynda 5G ykjam aragatnaşyk ulgamy işe girizildi

Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy sebit we halkara derejesindäki möhüm çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde 7-9-njy oktýabry aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň  we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, şeýle hem Hazar ekologiýa sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi

Halkara sammitleriň geçirilýän döwründe “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Awazada ilkinji gezek 5G ulgamy ornaşdyryldy. Bu barada “THP” habar berýär.

Bu döwrebap aragatnaşyk hyzmaty ýokary tizlikli interneti, maglumatlary bökdençsiz we gysga wagtyň içinde geçirmegi üpjün etmek bilen, halkara çäreleriň işini ýokary derejede guramaga we şöhlelendirmäge mümkinçilik döretdi.

Sammitler tamamlanan hem bolsa, Awazada ornaşdyrylan 5G ulgamynyň öz işini doly we durnukly ýagdaýda dowam etdirýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda syýahatçylyk zolagyna gelýän myhmanlar bu ýokary tizlikli aragatnaşykhyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.

Hazar deňziniň kenarynda ýokary tizlikli 5G ulgamynyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu hyzmatda geljekde hem Awazada geçiriljek iri halkara maslahatlary, sergileri we forumlary iň ýokary halkara standartlaryna laýyklykda geçirmek üçin berk tehniki binýat döredýär.

Related posts

Adam atlarynyň manysy 07-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

Adam atlarynyň manysy 24-nji fewral

Halk Maslahatynyň Başlygy Döwlet Dumasynda gepleşikler geçirdi