SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täze ugurlar boýunça uçar gatnawlaryny ýola goýýar

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasy 4 ugur boýunça halkara uçar gatnawlaryny ýola goýýar. Bu barada awiakompaniýanyň baş müdiri Bilal Ekşi “Twitter” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Täze uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagy babatda kabul edilen çözgütler koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirleriniň azalmagy bilen baglanyşyklydyr.

Awiakompaniýanyň täze uçar gatnaw ugurlarynyň hataryna Özbegistanyň Buhara şäheri hem goşuldy.

Türkiýäniň milli awiakompaniýasy Sietl, Juba (Günorta Sudan) we Tiwat (Çernogoriýa) ýaly şäherlere hem gatnawlary açýar.

– Biziň täze gatnawlarymyz Sietl/ABŞ (27-nji maý), Juba/Günorta Sudan (1-nji iýun), Buhara/Özbegistan (7-nji iýun) we Tiwat/Çernogoriýa (11-nji iýun) – diýip, Bilal Ekşi belledi.

Täze ýola goýuljak gatnawlar bilen “Türkhowaýollary” ýolagçylaryny 128 ýurduň 338 nokadyna alyp barar.

 

Erling Holand “Mancester Siti” toparyna geçýär

Ýene-de okaň

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy