SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Köneürgenç-Aşgabat: zyýarat otlusy ýola düşer

Aşgabat ― Köneürgenç ― Aşgabat ugry boýunça ýolagçylaryň demirgazyk sebitdäki taryhy ýadygärliklere gezelenç etmekleri üçin has takygy, zyýarat-gezelenjiň esasy ugry ÝUNESKO tarapyndan goralýan «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärlikler toplumy bolar. Bu barada demirýol edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem syýahatçylar demirgazyk sebitiň tebigy aýratynlyklary we beýleki taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşyp bilerler. Mundan başga-da, syýahatçylar üçin Beýik Ýüpek ýolunyň belli bir bölümlerini geçmek üçin mümkinçilikler dörär.

Syýahat otlynyň Aşgabat şäheriniň demir ýol menzilinden ugrajak wagty 2023-nji ýylyň 27-nji oktýabry bolup, biletleriniň satuwy boýunça Aşgabat şäheriniň demir ýol menziliniň kassalaryna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.

Related posts

Kappadokiýa – jahankeşdeleriň arzyly mekany

Ata Watan Eserleri

Koronawirus waksinalaryň hasaba alynmak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Pakistanda “Sputnik V” sanjymy urlup başlandy

Ata Watan Eserleri