MEDENIÝET

Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

20231018_003147.jpg

Giň gerimli dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetkärleriniň däp bolan çeper sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.

20231018_003221.jpg

Sergä gatnaşyjylar diňe sergide ýerleşdirilen özboluşly eserlere baha bermek bilen çäklenmän, eýsem, olary taýýarlamagyň usullary bilen tanyşmaga hem mümkinçilik aldylar.

Konsert milli tatar sungatynyň baý mümkinçiliklerini şöhlelendirýän çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. Onuň maksatnamasy doganlyk Respublikanyň milli däp-dessurlaryny açyp görkezýän ajaýyp saz eserlerinden, özboluşly aýdym, tans we halk döredijiliginiň çykyşlaryndan ybarat boldy.

перебивки.mpg_20231018_002629.696.jpg

Ertir, 18-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki şäherde – Aşgabat we Mary şäherlerinde dowam eder.

Dostlukly ýurduň sungat işgärleri Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda çykyş ederler we Mary welaýatynyň tomaşaçylaryna Tatarystanyň sungat ussatlarynyň konsertini hödürlärler.

Ýene-de okaň

Neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslary pugtalandyrylar

Türkmenistan Azerbaýjanda “Harybülbül” festiwalyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen filmleriniň halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünligi

Türkmenistanda atlaryň saglygyna emeli aň arkaly gözegçilik ediler

Türkmen hünärmenleri Türkiýede guralan halkara teatr festiwalyna gatnaşdylar

22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler