MEDENIÝET

Milli bahar baýramy mynasybetli dürli çäreler geçiriler

Ýurdumyzda Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan çärelere taýýarlyk görülýär. Onuň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde köpçülikleýin medeni çäreler guralyp, şolarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, şol sanda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklary, Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty ösdürmekde häzirki döwürde ýeten derejesi öz beýanyny tapar. Baýramçylyk mynasybetli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, oba hojalyk önümleriniň we dokma pudagynyň harytlarynyň sergilerini guramak meýilleşdirilýär. Mukamlar köşgünde Milli bahar baýramynyň hormatyna “Parahatlyk bahary” ady bilen baýramçylyk konserti geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz taryhy müňýyllyklara uzap gidýän Nowruz baýramynyň medeniýeti, sungaty we ýagşy dessurlary giňden wagyz etmekde halkara ähmiýetiniň bardygyny belläp, onuň häzirki döwürde halklaryň arasyndaky agzybirligi pugtalandyrýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Halkara Nowruz baýramy dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine döwletleriň özara gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri açýar, halklaryň arasynda ynanyşmagy, özara düşünişmegi, dostlugy pugtalandyrýar.

 

Täze ýyladyşhanalar ulanmaga berler

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri