JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde 44 resminama gol çekildi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-16-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bu sapary uly netijelere beslendi, döwlet saparynyň netijeleri boýunça jemi 44 resminama gol çekildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýet agzalarynyň Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň, kompaniýalarynyň we beýleki edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri bilen jemi ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň 31-si geçirildi.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagynyň netijeleri baradaky hasabatynda mälim edildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejedäki gepleşikleri, hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy we Premýer-ministri bilen duşuşyklary geçirildi. Saparyň dowamynda Songýungwan uniwersitetinde döwlet Baştutanymyzyň syýasy ylmy tejribesini, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan aýratyn goşandyny ykrar etmegiň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimize bu uniwersitetiň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi.

Hormatly Prezidentimiziň we Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň işine türkmen tarapyndan 100-den gowrak, koreý tarapyndan 90-a golaý wekil gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dostluga we umumy ösüşe goşan goşandy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasy tarapyndan Hormat nyşany we ýörite şahadatnama gowşuryldy. Maslahatyň işiniň netijeleri boýunça döwlet we hususy taraplara degişli birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.

Medeni-ynsanperwer ugur boýunça Gwangju we Seul şäherlerinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri geçirildi.

 

Related posts

Türkmen-rus işewürlik forumy: sanlar we maglumatlar

Adam atlarynyň manysy 10-njy fewral

Türkmen telewideniýasy we «Bolşaýa Aziýa» teleýaýlymy ähtnama gol çekişdi