JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi

Özbegistanda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Nygtalyşy ýaly, bu döwlet sapary soňky ýyllarda nusgalyk derejä eýe bolan türkmen-özbek dostluk, goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda möhüm ädim bolar.

Ähli ugurlar boýunça oňyn ösüş hem-de işjeň gatnaşyklar aýratyn kanagatlanma bilen bellenildi. Hökümetara toparynyň we Işewürlik geňeşiniň mejlisleri, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Saparyň öňüsyrasynda Urgençde we Daşkentde Türkmenistanyň Medeniýet günleri we kino görkezilişleri uly üstünlik bilen guraldy.

Geçen ýyl haryt dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi. Türkmenbaşy porty arkaly ýerine ýetirilýän ýük daşamalarynyň möçberi hem ep-esli ýokarlandy.

Taraplar özara söwdany artdyrmaga, senagat, energetika, ulag, maşyn gurluşygy, oba we suw hojalygy ugurlarynda täsirli kooperasiýany ilerletmäge aýratyn üns berdiler.

Sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Hywada sebitleýin hyzmatdaşlygyň üçünji forumyny geçirmek baradaky ylalaşyk gazanyldy.

Şeýle hem sebitleýin we halkara gün tertibine degişli meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Hyrat welaýatyna sapary

Türkmenistan-Gyrgyzystan: köp sanly ylalaşyklara gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi

Ata Watan Eserleri