JEMGYÝET

Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.

HHR-iň Başlygynyň gutlag hatynda şeýle diýilýär: 

Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Geçen ýyl Siziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Týanszin sammitine hem-de ikinji jahan urşunda hytaý halkynyň gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran saparyňyzyň dowamynda Pekinde geçiren duşuşygymyzda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de dürli ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça pikir alyşdyk. Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin we iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaýyň hem-de Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmagy ilerletmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli dabaraly mejlisdäki çykyşy

Hindistan Devlet Başkanından kutlama mesajı

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady